BAPBA GÖKLEÑ Bapba Gökleñ 1949 ýylyñ 15-nji ýanwarynda Gyzyl-Arvatda dünýä inýär. Ol orta mekdebi tamamlap, Aşgabadyñ Oba hojalyk institutyna okuwa girýär. Emma edebiýata bolan höwesi ony oba hojalygyndan gitdigiçe daşlaşdyryp, metbugat işlerine golaýlaşdyrýar. Netijede ol Oba hojalyk institutyny bitirse-de, bu ugurdan uzak işlemän, metbugata işe gelýär we şondan soñ onuñ ilkinji goşgulary, hekaýalary dürli gazet-jurnallarda çap edilip ugraýar. Biraz soñra Bapba Gökleñ Moskwanyñ M.Gorkiý adyndaky edebiýat institutyna gaýybana okuwa girýär. Emma özboluşly, guýmagursak zehine Edebiýat institutynyñ galyby dar görünýär. Şonuñ üçinem tiz wagtdan onuñ bu institutda okamak islegi gaçyp, öz zehinini tebigy ugruna görä ösdürmegini dowam edýär. Ol köp okaýar, öwrenýär, türkmen, rus we dünýä edebiýatynyñ iñ gowy nusgalaryny özbaşdak özleşdirýär. B.Gökleñ diñe bir goşgy däl, eýsem kyssa eserlerini-de ýazardy. Onuñ käbir hekaýalary dürli döwürde respublikanyñ gazet-jurnallarynda çap edildi. Şolaryñ arasynda onuñ ”Ýaşlyk” jurnalynda çykan ”Oýtak” hekaýasy, ” Edebiýat we sungat” gazetinde çap edilen hekaýalary okyjylaryñ aýratyn ünsüni çekipdi. Ýöne B.Gökleñe il arasynda şöhrat getiren onuñ goşgularydy. Metbugatda kän çap edilmese-de, Bapbanyñ goşgulary okalman galmazdy, ol goşgular dilden-dile, elden ele geçerdi. Öz ýazan eserleri päsgelsiz çykýan ýazyjy-şahyrlar-da Bapbanyñ çap edilmeýän goşgularyny tapsalar, hezil edip okardylar. Ol goşgularyñ şöhraty il arasyna-da ýaýrardy. Türkmen sowet senzurasy Bapba Gökleñiñ garşysyna diş-dyrnak bolup çykdygyça, şahyryñ şöhraty şonça-da artýardy. Dirikä B.Gökleñ diñe bir kitap çap etdirip bildi, emma ol kitaba şahyryñ belli goşgulary girizilmedi, senzura muña ýol bermedi. Bapba Gökleñiñ goşgulary ilkinji gezek dolulygyna Swedende, ”Gün” neşirýatynda ”ÝOLMA GUŞUÑ GANATYN!” ady bilen 2005 ýylda neşir edildi. B.Gökleñ 1991 ýylyñ 23-nji dekabrynda tragiki ýagdaýda aradan çykdy. Onuñ duýdansyz ölümi köp sanly soraglary döretdi. Ol soraglara häzire çenli-de degerli jogap tapylanok… Şahyryñ yzynda iki ogul bilen bir gyz galdy. Onuñ wepaly ýanýoldaşy Laçyn-da biraz wagt mundan öñ dünýäden ötdi. Bapba Gökleñiñ özi aýny ýaşda, zehininiñ añrybaş goýalan döwründe wepat bolsa-da onuñ eserleri, hyjuwly hem adamkärçilikli, batyrgaý hem näzik, çuññur pelsepä, mertlige ýugrulan goşgulary ýagtylyk ugrundaky göreşi dowam etdirýärler. Ölüm Bapba Gökleñi biziñ elimizden alyp bilmedi, ol öz ilhalar goşgularynda ýaşaýar we adamlary mertlige, ynsaplylyga, halallyga, päklige çagyrýar. Ak Welsapar, ýazyjy |