ARZUW


Bilýän, ýyl  dolanyp,  asyrlar  geçer,

Bulutlar  göçerler,  çöller-de  göçer.


Şonda damja dönsem, bolar bir kärim

Men  elmydam  teşneleri   gözlärin.


Öger  baga dönsem, bolar  bir  kärim:

Men  ynsana saýa  salmak  islärin.


Ýyldyz   bolup   aralaşsam   äleme,

Şeýle  ykbalymdan  sähel  nalaman.


Ýaşaryn uzakda  bir  arzuw  bilen,

Ýeriň  adamlaryna garaşaryn  men!