MENIŇ ASLYÝETIM Men atamda zehin ýokdy üýtgeşik, ýöne öz kärini ýürekden söýdi. Gaş bilen diwalaň goşuny goşup, Kümüşdir gyzylyň nikasyn gyýdy. Ussahanasynda sungat öýünde, Meniň eziz atam edensoň yhlas, Gerçekleň gözüne gözel göründi Türkmeniň edaly gözelleri has. Gupbalary şazadalaň täji deý Gözelleriň mertebesin göterdi. Şahyr diňe gözelligi wasp etse, Atam gözelligiň üstün ýetirdi. Atamyň sarpasyn saklady millet, Olam il sarpasyn saklady geldi. Bir elinde haýyr, birinde sungat, Şeýdip ol Şatlygyň şahyry boldy. Meň kakamda zehin ýokdy üýtgeşik, Hünär däl, borjuny ýürekden söýdýa. Duşman geleninde ençe ýurt aşyp, Ol öz takdyryny mizana goýdy. Atamyň Şatlykdan başlanan ýoly, Ony gazap bedewine atardy. Oň ýeňişli başlan gazaply ýoly. Baryp Mauthauzende gutardy. Hemme bilýär bendelikde dert uly, Ol şol ýerde bir ýylyny ötürdi, Bendelikde on görkezen mertligi, Türkmen gerçegine şöhrt getirdi. Kakam saglyk bilen gowuşdy bize, Bar hesreti bilen öýüne geldi. Bir elinde haýir, birinde naýza, Ol şeýdip, hesretiň şahyry boldy. Men olardan daşa zyňylan daş däl Süňňümde ganlaryn göterip geldim. Men bu gün Şatlygyň ýurdundan başlap, Gözellik ýurdunyň şahyry boldum. Günäkärn men däl beýle wakanyň, Özümi şu wakaň şaýady öýdýän. Hesretin wasp edýän diri kakamyň, Ýok atamyň Şatlygyny wasp edýän. |