AÝRALYK


Dad   atýar,  gün  ýaşýar — Güneş  ýaşmaýar,

Ýyldyz öçýär, emma  öçmeýär Älem.

Adam   ölýär — hiç   ölmeýär   Adamzat.

Bag  guraýar — tokaý  ýaşaýar   hälem.


Bu  şeýle  bolupdy.

Şeýle-de  bolar.

Tebigatyň demir  kanuny  bular;


Daň  atýar,  gün  ýaşýar — gyýylýar   ýürek,

Bir   ýyldyzjyk  eçýär — syýylýar  ýurrh

Goja  bag  çüýreýär — gyýylýar  ýürek.

Adam   ölýär — hasam   gyýylýar   ýürek.


Eger  Güneş, Älem,  Tokaý,  Adamzat —

Baky   bolsa,

Gama  batmak ne derkar?

Bag  ölýär — bar döreýär,

Gün  ýaşsa — daň  atmaly.

Her ölümiň yzynda oň dowamy — ömür  bar.


Şularyň  birisi  dünýämden   gitse,

Bilemok,  ýüregmi  gaplaýar  gussa.