Örän  aýdyň hem çuň bir hakykat bar.


Örän  aýdyň hem çuň bir hakykat bar:

Diriler   ölüpdir.   Diriler   ölýä.

ýöne şol  ölenler   müň  ýyllar  ötüp,

Başga   biri  bolup   inýär bu  dünýä.


Beýle  bolsa,  kimkä meniň geçmişim?

Şahyrmykan?

                      Aşykmykan?

                                            Ýa daýhan?

Ýa  ol   namartmykan  çyn  sözden  gorkýan

Hem gorkusy üçin çyn söze duşman?


Eger  şahyr  bolsa,  meniň şygrymy

Özüm  bolup   menden   gizlin  okuýandyr

Ejiz  şygrym üçin  saçlaryn  ýolup,

Menligiňe   ajy gözýaş   dökýändir.


Eger   aşyk  bolsa,  söýmediklerme

Söýýän   diýenime   ýanyp-bişýändir.

Ol   meniň  ruhumyň  kazysy  ýaly,

Öz   päkligi  bilen  maňa  duşmandyr.


Eger   daýhan   bolsa,   toprakdan   alyp,

Oňa   bermeýänme tutýandyr lçin,

Hem  onuň bir oňat dilegi bardyr

Topraga   bir  tohum   atarym   üçin.


indi   bu ýaşlygam  ötüşip   barýa,

Etsemim   bar  bolsa,  boldy  bir çeni.

Gije-gündiz  şahyr,  aşyk  hem  daýhan

Depämden   seredip   goýmaýar   meni.


Dünýede  çyn  sözuň  sarpasyn   saklap,

Çyn  söz  üçin  özüm  ederin   gurban.

Ýazaryn,  söýerin, tohum   seperin,

Razy  bolar

                      Şahyr,

                                            Aşyk hem Daýhan.


Ölsem, dogry sözüň  şol  duşmanyny—

Inkär  eden — meni  öper  bu ýerim,

Müň ýyl ötüp, ýene dörän, şol  şahyp-

Aşyk,  daýhan   bolup  dowam  ederin.


Yzyma  seretsem,   bir   giden  umman,

Öňüme  seretsem,  bir  giden   umman,

Geçmişiň  öňünde  uly   bergim   bar,

Geljegiň öňünde uly  bergim   bar.