Boldy, Besdir


Boldy.

Besdir.

Hol deräniň göwsünde

Özüme   ümsümje   çadyr   guraýyn.

Säher-säher   agras   şemal   öwsende,

Ýadan   ýüregimi  şona  gereýin,

Ýataýyn,   turaýyn   belli  bir  wagtda,

Belli   wagty   ieýin   men   naharmy.

Şäherden,

             goh,

             aladadan  uzakda,

Ýok   zat  üçin   getirmäýin  gaharmy.


Howlukmaýyn.

Söz   bermäýin   hiç  kime,

Öýüm   çetde—hiç  bir  zady  bilmäýin;

Düme oýlanaýyn,

Ýaşaýyn  dume.

Gaty  aglamaýyn,

Gaty  gulmäýin.


Şygyrlar   ýazaýyn   şemal   barada,

Gussajygmy  ulus-ile  sezläýin.

Iňrik bilen gün ýaşary arada      :

Ýaş   bolsamam,

Gojalygymy  gözläýin.


Indi näçe ýyldyr, şu hyýal mende

Toprakda  nem ýetmez tohum deý ýatyr,

Ýöne  çadyram  ýok  deräň  göwsünde,

Öýümem  çetde däl.

Merkezde  otyr.


Gaty   aglaýaryn.

Gaty   gülýärş.

Elmydama  howlugýaryn  bir  ýere.

Haýyr  etjek  bolýaryn,

Maňa   galamyny   beren   illere.


Iň  zerur   sözleriň  yzynda  selpäp,

Büdreýärin.

Ýykylýaryn   kä-ýarym.

Öz  şemaly  bilen  ýüzümi ýelpäp,

Şonda  maňa   medet  berýär  diýarym.


«Arma!»   diýýän   işe   gümra   daýhana,

Ýyndam   otlulara   elim   bulaýan.

Bag astynda duran  iki juwana

Özümkiden  oňat  ömür  dileýän.


Şeýdip  ýaşap  ýörün,

Il  bilen  ätläp,

Il  bilen  deň çapyp  ýyndam  atymy

Hemem  käte.


Misli  düýig kimin  ýatlap,

Çadyr hakyndaky rowaýatymy.