(Edil düýn ýalydy......)


Edil düýn ýalydy,

Ýaňy   ýalydy,

Sagadyn  dillerin   rehimsie  towlap,

Seň ýanyna  duşuşyga  barýanym

Ädimlerim   bilen   elhenç   sakawlap.


Paýtagtyň   asuda   köçelerinden

Kä öňe ýörärdik,  kä yza  bakaýa.

Şemal  össe, tolkun   atar  durardy

Sypaýy  köýnegiň, sypaýy ýakaň.


Bu  erde hiç  hili düşünmezlik ýok,

Belki,  şeýle  bolmalydyr   bu   zatlar.

Sen  saga  sowuldyň,

Men  bolsa  çepe,

Seni  ençe  ýyllap  çykardym  ýatdan,


Ýöne  agşam  bir  düşnüksiz  gam   bile.

Gitdim  şol  duşuşan  ýermize  bakan.

Tolkun  atdy  göz  öňümde yene-de

Sypaýy  köýnegiň, sypaýy  ýakan.


Birden  ýüregime  çümdi-de  gitdi,

Iňňän ujy  ýaly  rehimsiz  ünji, —

Seň  bilen   duşuşyp   bilmänime   däl,

Seň  ilkinji  söýgim  bolanyň  üçin.


Çigrek  güýz  agşamy  haýal  barýaryn,

Öçügsi  ýyldyzlar   öçül   asmanda.

On  bäş  ýyl! On  bäş  ýyl!

Ýaňy   ýalydy.

Bir damja şor ýaşym gaçýar  asfalta,