ERK   HAKYNDA  GOŞGY


Hemme bilýär — erki bolýar her kimiň.

Meniňem   paýyma   birisi   düşdi.

Göwnüne  degmezdim   lälik  erkimiň,

Şoň üçin  aldy-da, başyma geçdi.


Günesizmi   ýa-da   günälimidi,

«ýör»  diýse,  yzyna  düşäýmelidi.

«Mün» diýse, säginmän  munäýmelidi.

«Düş»   diýse,   säginmän   düşäýmelidi.


Gijeki  peýdasyz  oturlyşyklar,

Maňyzsyz   jedeller,   manysyz   sözler,

Edilýän     gybatlar — «opurlyşyklar»,

Akyllysyraýan   akylsyz   gözler.—


Syzdym:   bulaň   bary   gerekmez   zatdy,

Peslikdigini-de   örän   berk   syzdym.

Ýöne  erkim   weli,  diýsei  bezzatdy,

Erkim   bardy,  emma   ýene  erksizdim.


Syzdym  şu  erk  bolsa  ruhum, serimde,

Bu durmuş, bu wagtyň manysy bolmaz,

Ýazylmaz   ýazyljak   setirlerim-de,

Okap   biljek   dessanlarym   okalmaz.


Munuň özi  şum  düýş  görup  uklama,

Munuň   özi  diňe  boşluga   elter.

Agşamky   haýp   geçen   minutlaryma,

Şeýdip  başym   ýaýkap   ökünýän  erte.


Emma agşam ýüregimde tirpildi,

Otyryn.  Göz welin, şol  penjirede.

Ine,  barmak  aýna  kakýar,  tyrkyldy.

Men  gidýärin boş dünýäme ýene-de.


...Men   ahyr  oturyp  hyýala   batdym,

Nätmeli?  Bu lälik erki  nätmeli?

Az ýöräp, köp ýöräp bir pikre ýetdim

Ony  it ýenjenden beger ýençmeli!


Men ony tutdum-da, daňdym erige,

Soň erikden  çygly  çybyk kesindim,

«Ilkinji urgyny haýsy ýerine

Eçilsemkäm»   diýip,  esli   kösendim.


Wagtym  az  bolsa-da,  bolsa-da   iş  kän,

Bar  işimi taşlap urdum  men, urdum.

Urdukça  urmaga  açyldy  işdäm,

Urdukça   beýgeldi,  guýjedi  ruhum.


Ony  tertip   bilen   alty  gün   saýdym,

Wagt  bolupdyr   hezil  edinerçe-de.

Özünden   gidenne   düşünip   aýdyň,

Boşatdym   bagyndan   ýedilenjide.


Boşatdym  özümi  halymsyraýan

Erkimiň   öňünde  çöken   duýgudan.

Manysyz   bolsa-da   manylsyraýan

Şowsuz   oturşyklar,   şowsuz   söýgüden.


Salam   berdim   bu  durmuşa  täzeden,

Birden   wagtym   many   bilen   gaplandy;

Bir   wagtlar   garşy  çyksam   näz  eden

Erkim  urgularda  mäkäm  taplandy.


Eger günleň biri tozadyp çaňyn,

Bir  boş  dünýä  çagyraýsa erkiňýz,

Erk tapyň siz  şeýle erki  daňmaga,

Soňra taýak bilen beriň merkini.