GIJEKI  MYHMAN


Tümüň  ýary   penjirämiz  kakyldy.

—   Salam!

—   Salam,   Kim   borsuňyz,   eý,   daýy?

Myhman  jogap  berdi  örän  akylly:

—   Menmi?   Ajal.

Has   dogrusy — Ezraýyl.


—   Gaty   oňat.

Geliň,   geçiň,   oturyň.

Size  haýsy  gerek,  kofemi ýa çaý?

—    Maňa, gowsy, boş çüýşejik getiriň.

Ol  seniň janyňy  saklar örän jaý.


—    Bagyşlaň.

Siz   ýalňyşýan-a   dälsiňiz.

Meniň keselim  ýok.  Özümem juwan.

Belki, jaý   nomerim   ýalňyşansyňyz,

Men-ä,  walla,   hiç   düşünip   bilmeýän


—    ÝOK, men jaý nomerin ýalňşamok, ýok,

Men  geldimmi — boş  gitmäni halamok

—    Bilýän,   ýöne   men  ölesim   gelenok,

Janym   sagat,   durmuşymdan   nalamok.


—    Sen  ilk-ä  aglama, soňam   aldama,

Aldawyň   köp   bolsa,  jezaňam   artýar.

Onsoňam   bilip   goý,  her  bir   adama

Meniň saýlap-seçen bir perişdom bar.


Ine,  senin  diýen sözleň   barada,

Ser-edip  gör,  şunça  Fakt  gowuşdy,

—    Niçik?—diýip sorajakdym,  şobada

Bir   kitap   gütüläp  öňüme  düşdi.


Kitaby  agyz  däl,  göz  bilen  iýýen,

Düşünýän,  arada   bar  ullakan  syr:

Ýokarsynda  meniň  adym, familýam,

In   aşakda   bolsa   „Ezrabylneşir“.


Ýüregimde  zat  galmady  hemleden,

Şo  pursat   ajalym  ýakyn   göründi.

Bu  iş  meniň bir  kitaba jemlenen

Ölüm   hakyndaky   goşgularymdy.


— Ine,  indi  bildin gerek, ýaş  ýigit,

Neçün  gelenimi  tünuň  ýarynda.

Seniň  ahy-nalaň  ýüregmi   iýip,

Ýer  tapmadym  tünegimiň töründe.


Şatlykdan, begençden, ýaşlykdan  ötüp,

Siz  nämüçin beýle hala düşdüňiz,

Beýtmäň   ahyr,   işim   özüme  ýetik,

Meniň   halys   ýüregime   düşdüňiz.


Juwan   halyňyza   gojadan   beter

Çekýärsiňiz   bu   dünýäniň   ahyny.

Her   kimiň   mütdedi   wagtynda   ýeter,

Siz  bir  entek  azar  bermäň  ahyry.


Wasp  ediň ýaşaýşy, beýik  şatlygy.

Gözelleriň  elden  ýeňil  öýmesin.

Ýat ediň ölüm — çyn  berbatlygy,

Wasp  ediň   çagalaň  säher  deý   sesin.


Eger,  walla,  erkim  bolsa  özümde,

Taşlap  şu  kärimi  allaowarra,

Ýaşardym   şadyýan   ýeriň   ýüzünde,

Guwanyp   ýaş   ýigit,   gözeldir   garra.


Men   baran   ýerimde   ýatýar   şagalaň,

Aýdym   aýdylanok,   çalnanok   dutar.

Eger   adam   bolsa   Allatagalan

Meni   beýle jeza   etmezda  duçar!


Birden   onuň   gözlerine   ýaş   gelip,

Bolşy   meniň   jigerima   daglady.

Hasratdan   müzzerip,

Bir   gysym   bolup,

Titräpler   ykbalyndan   aglady.


Dözmedim   men  ol  pahyryň  halyna,

Kärini   unutdym   bu   şum   apatyň.

Emaý   bilen   baryp   onuň   ýanyna,

Onuň  bedibagt  başyn   sypadym.


Diýdim:—Besdir,   bozulma  sen,  ýaşuly,

Men-ä   asyl   höwrügäýdim  seň  bilen!

Köne   ülpetler   deý,   köne   dostlar  deý,

Onuň   bilen   hümürdeşdik  daňa  çen.


-      Äý — diýdi — bolsa-da   aralarmyz  daş,

Içimi   bir  dökeýin  diýip   gaýtdym.

-      Bir  gören  tanyş  bor,  iki — garyndaş,

Kyn   günüňde   geläýgin — diýp  aýtdym.


— Ýamanlyga   duşmaweri   ylaýym.

Derdim  egsiläýdi  diýen  sözüňden.

Siz bir  işli  adam.

Zyýan  bermäýin.

Işläň! — diýip,

Sumat  boldy   gözümden.