GÖWNÜM Göwnüm, göwnum, eziz göwnüm. Diýme muňa öwündigim. Otuza ser uran günüm Ahyr bildim göwündigiň, Il derdine ters bakmadym, Ony duşdan- geçirmedim. Goňşymyň için ýakmadym, Hem oduny öçürmedim. Aç bolmadym, ýöne weli, Doklugymdan gägirmedim. Ýigit kimin söýdüm, ili, Söýýän diýip gygyrmadym. Ýene şum ýaş gyssanynda, Basylanda käte sussum, Özüm däl, dost-ýarym üçin Seni köpräk öňe tutdum. Bu türkmeniň bahary deý Ýaşlygymyz geçýär basym. Il başyna düşen işden Bizi hiç zat goramasyn. Hakyň gözüne bakaly, Şer iş ýerden göçer ýaly. ýüreklerde ot ýakaly, Ojaklary öçürmäli. Aglaly, bile güleli! Myrat tapsyn maksat tutan. Biz näm bolsak şo bolaly, Bolsa bolýar, eziz Watan! |