GÜLKI ÝYGYP ARMAÝYN Gorkýan elmydama oturýanlardan! Söýýän Aşgabadyň ýyly gyşlaryn, Barýan ýeňil ädip trotuarlardan, Ýygyp adamlaryň ýylgyryşlaryn. Ine, beýik penjirede näzenin! Ýylgyrşyna maýyl bolup galýaryn. Penjirän perdesin syraýsa welin, Gülküsin ýüzünden ýygyp alýaryn. Gülýä aşyklarmyz, gülýär gojalar, Doganlar gülýärler, dogjaklar güler, Şeýdip, Ýagty ykballaryň üstünden Her säher Gün bilen dogar gülküler. Maňa uzak ýolda kyn bolsa bolsun, Ýöne gülki bilen dogsun gün-aýym. Goý, ýüzlerden gülki yzy ýitmesin! Gülki ýygmak kesbim bolsun ylaýym. |