GYZLARYMA


Dört gyzym, dört nury didäm,

Gulak   goýuň   sözlerime:

Dört ogul deý, dört iner deý

Kuwwat   beriň   dyzlaryma.


Biriň  ýazym,  biriň   arzym,

Abadym,   säherim   meniň.

Dört diregim, dört pasylym,

Baryňam   baharym   meniň.


Dört pasylym, dört diregim,

Gündiz   günüm,   gije  aýym,

Size  giň  dünýede  abraý

Miýesser  etsin   ylaýym.


Namartlar   kä   mert  ýigde-de

Nahak  ýere   şyltak   atar.

Ýene  welin,  gyz   halkyna

Olaň  sözi  has  köl  ýeter.


Emma,   biliň,   buýsançlylaň

Utdurany  ýokdur   heniz.

Lak   atylar  ýeňleslere,

Hormatlydyr   edaly  gyz.


Durmuş   guraň,   ylalaşyň

ýöne  ara düşen  söze

Orun   berip   köňlüňizde

Dyzap  durmaň öýüňize,


ýigit   kimin,   bir   är  kimin

Iliň-günüň   hoşy   boluň.

Adyňyz-abraýyňyz  bilen

Bir  hataryň  başy   boluň.


Oguldan   ýanyp   ýörenler,

Çeke-çeke   ahy-zary,

Diýsin  sizi  ýüze  sylyp:

«Wah, gyz dogsa  bolmaýarmy«


Yhlas   bilen   dileýärin

Ýüze  sylyp   günüm-aýym.

Size  giň  dünýede  abraý

Miýesser  etsin   ylaýym!