«HALAS EDIŇ!» Beýgelmek üçin däl dag boljak boldum, Barha köp synladym dagyň ýüzüni. Çünki, ol uzakdan ýetirdi maňa Bir bendäniň: «Halas ediň!» sözüni. Kim ol bende? Haýsy darda asylýar? Bogýar ony haýsy deňziň buzlary? . Ýatsam-tursam rahatlyk berenok ýüregimde: «Halas ediň!» sözleri. Gözlerimi açdy asyryň- güýzi, Haýyram, şer işem açdy gözümi. Meniň galamymam antenna meňzäp, Tutdy durdy «Halas ediň!» sözüni. Bagtly bolua, bagtly boluň adamlar, Ýöne bagt gözüňizi tutmasyn. Şindi känkä «Halas ediň!» ýaňlasy. Bagt sizi körem, Kerem etmesin. Şu jedelde goýup biljek başymy, Şol ýüregi ýag baglandyr bireýýäm, Eşitmeýän bolsa «Halas ediňi!» Bu çetinden, O çetinden bu dünýäň! Halas boluň, esgilerden, doklukdan, Şum adamdan, köçeleriň itinden. Halas boluň, ähli artykmaçlykdan, Ýöne halas bol^maň «Halas ediňden!» |