Hamala çagalyk geçmejek ýaly. Hamala çagalyk geçm-ejek ýaly, Çagalygyň kenarynda kän durdum. Bu dünýe durşuna sowaldy maňa, Şo sowallaň jogabyna näm berdim. Ol şeýle kenardy, Beýik kenardy, Alkymynda sorag Adasy bardy. Aňyrsynda bolsa, başga bir beýik, Başga bir giň kenar uzap gidýärdi. Ol şeýle bir uzak, şeýle çuň eken, Ol şeýle bir beýggk, şeýle giň eken. Çeker şatlygyny diňe gögeren, Gaýgysynam diňe göteren çeker. Şo kenara gelip oý edil ýörün, Ýygnap ýeňil, agyr soraglaň baryn ...Ne bir o kenarda jogal tapdym men, Ne bir bu kenarda jogap tapýaryn. |