Hany,   çal   dutarym,   mähriban, dostum


Hany,   çal   dutarym,   mähriban, dostum,

Egseli,   ýüregmiz   atmanka   gasyn,

Geçilen   ýollaryň   şatlyk-bagtyny,

Geçilmedik   ýodalaryň   gussasyn.


Egseli   gussasyn   ýalaňaç   baglaň,

Güýzüň  ýaprak   bürän   ýata  suwlarnyň,

Egseli   gussasyn,   duw ak   gussasyn

Mesopotamiýa   barýan   guwlaryň,


Bar  zat  boldy:  söýgi,  dostluk,  ýalaýa  söz,

Büdremeler,   ýasly   gündür   bagtly   gün.

Asuda   düzleriň   gussasy   bile

Düşüdik   biz   manysyna   şatlygyň.


Ýyllar   geçdi   durdy   yzly-yzyna,

Has   agras  ýaşadyk,   has  agras  söýdük,

Şu eziz  topraga  belent  ynamy

Biz   ähli   zatlardan   belentde   goýduk.


Biz söýüldik, bagtly bolduk şoň üçin,

Diňe   söýen   güýzde   gussa   düşünýär.

Kim   aýdypdyr   pany   diýip   barlyga,

Ýaşanyňa  juda   degýär   bu  dünýä.


Ine, şu  gezellik ýaşany üçin,

Küýsedik   baharlar   basymdan-basym,

Guýzüň ýaprak  bürän ýata suwlarny,

Onuň   ýadan   ýodalarnyň  gussasyn!