Hiç düşünip


Hiç düşünip,

Hiç düşünip bilemok,

Bu ýerde bir hili bulaşyklyk bar.

Men «bar» diýsem, «ýok» diýjegne şübhe ýok.}

Men  ýagyşy  söýýän,

Oň  seýýäni   gar.


Dört  diwardyr

Üçegimiz  bir  biziň,

Emma ol şonda-da  etmeýär  müýni.

«Men gaýkyny söýýän, sen kimi?» diýýän,

Ol  arkaýyn jogap  berýär:

                                          «Küýkini!»


Diýýärin:  «Sen bilgeşleýin edýärsiň,

Çigişdirýäň  aradaky  düwüni».

Oň  gözlegi  towuklaryň  arpasy,

Men  söýýärin  ýöne arpa suwuny.


Hiç  düşünip,

Hiç  düşünip   bilemok,

Ötjek  pikirimiz  bir ýere gelmän.

Bolmajak  bolanda  bolmaz ekeni.

Ol-a  meni söýýär!

Men ony söýýän.