ŞANYŇA  ÝAZYLAN  LIRIKI  SETIRLER

I


Sen  erkin  bol!

Säher-säher  saçyň ýaý!

Sen şat bolsaň, gözüňden nur saçylýar

Aç   sen  oňat   kitaplaryň  sahabyn.

Bil   ýagşylyk, ýamanlygyň  hasabyn.

Edepsiz  sözüme  öýkele  sen, ýar,

(Käte  size  öýkelemek  ýaraşýar).


Sen  erkin   bol!

Pikriň,  duýgyň,  ezýetiň,

Ýokarda   ýyldyzyň,  ýerde   gözýetim.


Hemmesi   diňe  bir   özüňki , bolsun,

Diňe  bir, diňe bir  özüňki  bolsun.

Sen  erkin   bol,

Soňky   günüňe  çenli,

Isle  ýigren,  isle-de  söý   geçenňi,

Çünki   birdir   asman.

Milliarddyr   asman,

Çünki   erkli   güni   bagtlydyr   ynsan.

Sen  erkli   bol,

Bir   gün   ýaşama   şowsuz!

(Hudaýam   bar   bolsa,  seni   ýalkasyn),

Ýöne   mydam   inçe  biliňde   bolsun,

Meniň   gollarymyň   mäkäm   halkasy.


II


Bu  zatlary oňarýarsyň  neneňsi?

Ýogsa  pikriň  şeýle  bolmakda-da  däl,

Jaýa  girseň, jaýyň içi birteňsi,

Çyksaň,  oňat  dünýä,  dünýä  däl   hyýal,

Täsin  sesiň,  gunça   meňzeş  sözleriň,

Seniň  näzikligiň  çäksiz  göwrümi,

Sürme   çalynmadyk  tämiz   gözleriň,

Mar   saçlaryň  nagyş   kimin  örümi! —:

Sen  pikir  edeňok  bular  barada,

Bular   öz-özünden   bolýar-da   gidýär.

Ýasama  ýüz, ýasama söz  arada

Gözemsoň bilýärin gadryňy, dildar!

Men  seniň sarpaňy  saklaýan  gaty,

Oň üçin  ýigitler gyýa bakmasyn,

Näziklik   ýönekeý   bolan   pursaty—

Hudaý  saklasyn!

Özümden  soraýan:  «Neçün, nämüçin

Sözlemeli  dälmiş  ýürek  joşundan».

...Men  şindem  duýgymy  açardym  weli,

Gorkýan  duşmadyklaň  gözde  ýaşyndan,«


III


Sen  otyrkaň,  gaşym  çytsam  eger-de,

Saňa ýaman sözler diýsem  käýarym,

Sen  umytdan  gaçyp,  galmagyn  derde,

Men  juda   söýýärin,  juda  söýýärin.

Wokzal  diňe duşuşyklaň ýeri däl,

Wokzal   adamlaryň   aýralyk  ýeri.

Giderin

Hem uzak aralyklardan,

Aýralykdan seni ýeňip gelerin,

Iňrik ýere çöküp, ýakylsa  çyra,

Saçyň sypamaga  degmese elim,

Seniň  özüň  düşünmeli   ahyry,

Meniň başga  yşga  düşenmi, gülüm!

Ýürekde   aýdym   kän.

Elde   az   olar,

Aýdymym   ýok  il  ýüzüne  tutarlyk,

Seni unudýaryn.

Öwürme  ýüzüň.

Düşünýärin — şunuň   özem  ýeterlik,

Ykbalyňa  aglama sen gijeler,

Şol yşkymy  baglapdyr sypabilemok.

Gülüm düşülen ýol agyrdyr agyr,

Indem ondan asyl-asyl dönme ýok.


Dönme ýok  şol  yşkyň  keçjallygyndan.

Oň ýürege berýän  melamatyndan,

Iňňe bolup bagra batan sözleriň

Dünýä çykyp ýetjek keramatyndan.

Gabanjaňlyk etme  asyl   yşkyma,

Senem sakla şol  yşkymyň sarpasyn.


Çagamyň saçyny sypalan elleň

Gelip  meniň  saçlarymy   sypasyn.

Häzir  bolsa  gije çene barypdyr,

Ownuk aladalaň unudyp  baryn.

Meniň   gaýragoýulmasyz   işim   bar,

Sen ýatyber, özüm seni oýaryn.

 

IV


Saňa  goşgularmy  okap  berýärin,

Sen diýýäň nazarňy dikip nazara!

«Ýeri,  nämä gerek  şu  zatlaň  bary,

Başga   zat  kän   ahyr  ýazyp-bozara».

Söýgi   setirinden   çemenlik   ýygyp,

Ýazýaryn . Men  diňe  şo  bilen  diri.

Bagtly  bir  özüdir  öýtmesin  ýigit, ,

Şahyrlaram   bagtly   bolýar   ahyry.