Ýok,  lukman,   ýüregim   hiç   kime   bermen


Ýok,  lukman,   ýüregim   hiç   kime   bermen,

Oň   üçin   pyçagňy   gynama,   lukman!

Başga   kişiň   ýüregini   götärne.

Derdi-azar   çekerine   howlukmaň!


Ony   arzan   alyp,   arzaň   satmadym,

Ol   maňa   berilen   ömruň   ykbaly

Men   ony   köçeden   gözläp   tapmadym,

Indi   bun   çykaryp   berärim   ýaly.


Bolgusyz joşanda sesin diňdirdim,

Hak söz diýeninde erk berdim doly.

Men oňa juda kän zehin siňdirdim,

Gel-gel bun çykaryp bermezim ýaly.


Sag   günum   bäsdeşim   ummandy,  umman,

Höwesimdi   köňlüm   alan  ýerlerim.

Meniň bu dunýede bir baýlygym bar,—

Olam   aýdyp   ýetişmedik   syrlarym.


Başga   biri  üçin  gursagma   kakyp,

Hakyň ýok   syryma   gulak   asmana.

Ýürekler   diwar   däl,

Oňa   çüý   kakyp,

Soň şo çüýden başga pikir asmaga.


Nämä  degseňizem,

Degmäň   ýürege,

Mydam   ýürekleri   sylamak   gerek.

Salmaň  ony  başga  bir  del  kükrege,—

Agyr düşer del syrlary götermek!