Maňa  seniň gözleriňden  gitme  ýok.


Maňa

seniň gözleriňden  gitme  ýok.

Maňa

seniň  sözleriňden  gitme  ýok.

Düşün,  bu  dünýede soňky  güne çen

Seniň şatlyk  hem   gussaňa  bagly  men.


Seniň   ýüpek   gijeleňden   gitme  ýok.

Seniň   aýdyň   gündizleňd-en   gitme  ýok.


Bu   garagol   jahyllykdan   giderin.

Ol   hasaly   gojalykdan   giderin.

Çünki  men  olardan   gitmän   bilemok.

Emma   seniň   ykbalňadan   gitme  ýok.


Men   zemin.

Sen   bolsa  ullakan   asman.

Saçyňy   nur  edip   üstüme dökýäň.

Emma, Düşün, läläm,  şeýle  gün dogar,

Saçlaryň   gar   bolup   üstüme   ýagar.

Şonda   ak   saçyňy   sylyp   ýüzüme

Gararyn   belentden   ýerin,   ýüzüne.


Men   bir  gyzda  gözlerini  görerin.

Men  bir   gyzda   sözleriňi   görerin.

Şapakda   görerin — ýaňagyn   alyn.

Gijede   görerin — ýaňagyň   halyn.

Synlap   ýapraklaryň  ýüzünde   derin,

Onda   seniň   gözýaşyňy   görerin.


Zemin   aýlanyp   dur,

Oňatlyk  örän!

Hiç bir  güýje oň ýoluny  tutma ýok

Dünýän her gülünde men seni

Şonuň üçin  bu dünýeden gigme ýok.