Çykanmyzda  obamamyzyň  çetine


Çykanmyzda  obamamyzyň  çetine,

Al  şapakdan  ot alypdy  bar  zemin.

Men  özümiň  nirdedigim   bilemok —

Barýaryn  seň  bilen   birleşen   kimin.


Üşedýändir  öýdüp   çyg  damjalary,

Otlar  seniň   aýagyňa   dözenok.

Assa  öwsül   geçýär  duşuňdan  şemal,

Timar beren saçlaryňy çözenok.


Begres   donuň   nalyşlary   enaýy,

Gara  saçyň örümi  deý  keşde ýok.

Nurlanyp   barýarsyň   elwan   şapakdan,

Gül   gülmi,  seýa  gülmi—bilip  bilemok.


Ýer  ýermi, biz ýermi-bilip  bilemok,

Çünki  hemmeje  zat  şeýle  bir  gözel.

Göwnüňe   bu   şapak,   arassa   dünýä

Sygmajak   bolup   dur   dumanly   gäze.


Biz   ikiçäk   bütin  ýeriň  ýüzünde,

Eýýäm   gündogardan   gün   göge   galýar.

Aramyza   düşse   düşsün   adamzat,

Ýöne ýeke   adam  düşmese  bolýar.