RAZY Ynsana bagt üçin nämeler gerek? At gerek, ýol gerek hoş hyýal bilen; Her goşgymda kämil bolmana derek, Onuň barha kyn düşýänne razy men. Razy çynym bilen sadany söýýän, Razy halal saçagymda çöregim. Razy çalarypdyr saçlarym eýýäm, Razy hernä üýtgemändir ýüregim. Razy günler ýüpek sowsana döndi, Razy-ýüregimde özgäň agysy. Razy «Mydam Güneş bolsun-a» doldy, Asman bilen şu zeminiň arasy. Razy köp büdredim çaga mysaly, Ýalňyşdym, ökündim ilkibadalar. Şonda gökden inen perişde ýaly Duşdy maňa oňat-oňat adamlar. Razy köçelerim, ýüregim ýagty, Razykükregimde diňenok owaz. Berdi maňa bir ömürlik bu bagty Geçip barýan ýaşlyk, geçip barýan ýaz. Razyjoşdum topragymyň toýunda, Duzuny syladym, sowuşdym ýasyn. Eziz maňa şu topragyň goýnunda Wysal bolan hem bolmadyk yhlasym. Gerekli pursatym indim äleme, Begendim, söýüldim, çekdim men zary Ine, şu zatlaryň meniň täleýme Miýesser edenine muňde bir razy. |