SENI   SÖÝDÜM


Seni söýdüm. Söýüp bir gez beýgeldim,

Seni söýdüm. Has giňedi  bu dünýäm.

Öz ýeňles gylygma gazaply boldum.

Öz  durmuş  ornuma indi düşünýän.


Adamlara  has ynamly garadym.

Ýeňiş  bilen tamam  boldy gözlegim.

Kyn  pursatym  medet  berdi  kalbyma,

Jadyly  däl — seniň ynsan  gözleriň,


«Kim men?» Jogap tapman şu günlere çen,

Seni  söýüp,   kimdigimi   bildim   men,

Ýeňil  gopdum   başyňdaky  öýme dek,

Diýdim:  «Ejiz  bu dünýäde söýmedik!»

Seni  söýüp,  göz  ýetirdim  bir  zada:

Kynçylyk ýok,

Ejizlik  bar  dünýäd.