SERPAÝ


Söýüň   meni — ýürek söýgi   küýseýär,

Şeýle   bir   küýseýär — ýok  çaky-çeni,

Ýekeje adama ýeterlik söýgi

Bilen

bir  pursatlyk söýüň siz  meni.


Maňa   kän   zat,

Uly  bir  zat gerek  däl,

Eliňizi  ýüregňize  goýun siz:

Size söýgi  bilen  ýüzlenýän  günlem

Sözlerimi   kesä  çekmän  söýüň  siz.


Söýüň   meni — ähli  erki  hem   durky

Bilen size tarap ýollar çekeni.

Ýeke   özüň  söýüp ýörseň elmydam

Birazajyk  agyr  düşjek ekeni.


Söýüň   meni — siziň  sadyk   guluňyz,

Soňra  menden size  galar  şeýle  paý.

Men   size   bahasyz   serpaý  ederin —

Şalaryň  elinden   gelmejek  serpaý.