ŞADYÝAN  GÜN

 

Aý,  ýöne,

Keýpine  aýdym  aýdýaryn,

Keýpine hoş  salam  ýollaýan  Güne.

Tanyşlyk  üçin  däl—

Gyzlara   duşsam,

— Salam,  keýgim — diýip,  geçýän  keýpine.


Garagol  çagany   guş  deý  göterip,

Mündürýärin   sazdan  doly   kelläme.

Suwa   daş   zyňýaryn— bökýär,   oýnaýar,

Ýeri,  şol   suwa  daş   zyňamda   näme.


Dükanlaryň   witrinasy   enaýy,

Dükana  dykylyp   girýärin,   ine,

Soraýaryn   onuň-munuň   bahasyn.

Satyn  almakçy  däll

Ýöne keýpine.


Guşlaram   baglarda   jagylda-jugul,

Ýollarda   baglaram   guşlary  bilen,

Bu täsin gün ýaýnap otyr enaýy.

Keýpine,

Keýpine,

Ýöne keýpine.


Çaga ýaly bu arassa  asmana

Kelläm degil,

Owaz edýär keýp bile.

Onson  neneň  Saturnyň  halkasyn

Şlýapa dek geýmejek sen keýpine.