ŞÖHRAT Şöhrat näme, bilemok, Ýaşap ýörun dünýäde. Gözüm açyp görenim Şu zemindir, şu asman. Gelin geldi uz ýaşynyp, Elinde tylla bada, Maňa oňat sözler diýdi, Saçym sylap bir zaman. Men oňa bar git diýdim, Işiň bilen bol diýdim. Işim başymdan agdyk, Galamym iş küýseýär. Ol gözüni güldürdi. Gel, goýnuma dol, diýdi, Beýle gelin saňa aşyk Bolup gezer niçezar. Seniň saçyň sypaýyn, Öpeýin gül ýüzüňden. Doý sen meniň näzimden, Entek-entek pursat bar. Tüweleme, işläbildiň, Il ruh aldy sözüňden. Indi saňa meň goýnumda Humar bolmak ýaraşýar. Onuň otly gözlerine bakdym ine, aşyk men Ýöne erkim jemläp şonda Bar duýgymy otladym. Bar, git, diýdim, sen örteme, Kowdum ony işikden, Emma zaňňar maýa gelin Penjireden ätledi. Köňül şu gün geplemese, Aýt ahyr, joşsun haçan? Geçer gider diýýärin Deň-duşlarym deňimden. Tüýs bihaýa gelin eken Ýedi derýaň suwun içen, Men-ä ondan gaçyp ýörün, Olam mydam öňümde. Tüýs men diýen ýaşymda men, Goşguçy men, aşyk men. Kärim şeýle: gyzlary Wasp etmeli misli bagşy. Ýän-e beýle bihaýany Görmändim men şu güne çen, Şol gelin meň ygtyýarym, Erkimi almasa ýagşy. |