ŞOWSUZLYK


Çagalykdan endik  bolan

Bardy bir derdim.

Jedelleşip   dostlam   bilen

Tire  girerdim.


Ähli   raýonmyza   belli

Atly   mergendim

Bu  kärimde  men   birinji —

Örän   türgendim.


Mizemezdi  ellerimde!

Tüpeňiň  nili.

Şowhun   bilen   gazanardym

Bir   kem  ellini!


«Bir  kem elli! Bir  kem elli!»

Gygyrardylar.

Şeýdip,  dostlam   meni  piwä

Çagyrardylar.


...Durmuş   bolsa   bir  tir   däldi.

Şowsuzlyk — ýarym.

Onda  nirde bir  kem elli —

Urmazdym  ýaryn.


Ajy   Şowsuzlyklar   bilen

Ýugrulyp  dörän,

Ýolum  örän  çarkandakly,

Agyrdy  örän.


Goý  Şowsuzlyk gazap  bilen

Badagyn   atsyn,

Men   ýykylyp, diňe şeýdip.

Çykarya  üstün.


Şony  ýeňmek —maksat bolar,

Şol   şanym  bolar.

Durmuş  tirimde  Şowsuzlyk

Nyşanam  bolar.


A men bolsa köne mergen

Aňk edip ili,

Ony urup, razanaryn

Bir  kem ellini!


«Bir kem elli! Bir kem elli!»

Il seslenende,

«Bak, bir Şowsuzlyk  kemeldi»

Gygyryn men-de!