ÝAŞLYK


Gazaply kazy deý, mydam  başymda

Sagat çot kakyp dur  şyk-şyk-şyk.

Düýnuň özem garaşýardym ýaşlyga,

Bu gün bolsa, geçip barýar şo ýaşlyk»


Bir  zada  düşünýän;

                             şowhunly  günler

Al  atymy çapyp  ýören haladym,

Öňümden  çykana  gül  ýaşlygymy

Hormat  ezdip,  sowgat  kimin   paýladym.


Jomartlygym   üçin   «sagbolsunlara»

Ýüzüm  göge  tutup  göçer  ýörerdim.

Ýaşlygymy   gerekmejek   dostlara

Hem   boş  söhbetlere   seçer   ýörerdim.


Öwgülerden humar bolup, gijeler

«Alyň!»   diýip,   kişiň gapysyn kakdym.

Ýaşlygmy  gül  edip,  jomartlyk  bile,

Söýmeýän   gyzlarmyň   döşüne   dakdym.


Men- ony  boş  gijelere paýladym.

Men ony

Boş   gürrüňlere   paýladym.

Ine, bu gün uly döwletden galan

Köpüklermi   ahmyr   bilen  sanadym.


Neçün  beýle  bolýar?   Ilki  ýalňyşyp,

Soňra  ökünç   bile egilip  ýörüs!

Jaýymyzy   çilim   çekip,  tüsseläp,

Soňra  tüssämize bogulyp ýörüs!


Ah,  bu gün  säherem  şeýle bir çytyk,

Bolaýmagy   mümkin   tüýs  ýagyşly   gün.

Ýaşlygymyz  ýitirenok hiç  zady,

Biz  özümiz ýitirýäris ýaşlygy...