Ýene howa garalyp... ýene howa garalyp, ýagyş çisňäp başlady, Leýli saçlar eda bilen saçlaryny çöşledi. Beýle pikir etmändim men bu golaýda, bu çakda, Birden agyr oýa batdym ölüm hakda, sen hakda, Oýa batdym: ýoklugymda öňküsi deý ýagar ýagyş. Gunçalaň agzyny açar, aýnamyza çeker nagyş Dag tarapdan taýyp geler ýaşyl şemal, näzik şemal Niçik oýa batarsyň sen menýň ýoklugymda şo hal, Geldi şonda göz öňüme bir perişan halyň seniň, Edil şunky howa ýaly, syýa ýaly şalyň seniň. Hesretiň gara deňzinde gark bolup ýörüşýň seniň. Mensiz galan bu dünýäni dowzah deý görüşna seniň, Diýdim şonda öz-özüme «Eý, ýok zatlza pekrin eden, Heý, ýary şu halda taşlap, gidip bormy bu dünýden?» |