MEN ÖZÜMI AÝAMADYM HIÇ ÝERDE Men özümi aýamadym hiç ýerde, Gaýgyda, hesretde, şatlykly günde. Aglamda geň galdy terkidunýäler, Bagtlylar geň galyp bakdy gülemde. Söýemde şeýle bir ýürekden söýdum, Onuň bir öýjügnem boş goýmadym men, Adam söýsem, kimligine garaman, Söýdüm üstünligi, ýetmezi bilen. Maňa bolsa «beýdip ýörme» diýdiler, «Seniň bu bolşuňa diýerler tentek. Sen entek ýaş ahyr, saňa gor perek, Seniň bar geljegnň öňüňde entek». Men özümi aýamadym hiç ýerde. Gorum gutarar diýip etmedim müýni, Kä söýenim üçin urdular meni, Kä gazabym üçin söýdüler meni. Haýyr işler üçin taýýarlyk boldum, Şer işiň tersinde goýdum men şeri. Soň görüp otursam, gutarýar eken. Diň-e berilmeýän zatlaryň gory. Diňe söýmeýänleň, köýmeýänlerin Özgäni beýgeltjek ažaýyp syry, Bir gyzyl manat deý gizleýänlerini Gutarýar ekeni ýürekde gory. Men özümi aýamadnm hiç ýerde, Özümi bagş etdim özgeler üçin, Dogry, käte azar berýär ýüregim, Odam başga zatdan bolmagy mümkin. |