Ynam


Men   ony   goradym   ýaman   gözlerden,

Jalaý    ýigitleriň   her    garaýşyndan.

Sowuk   gybatlardan,   sowuk   sözlerden,

Tükenmez   ýyllaryň   gara    gyşyndan.


Goradym   göriplen   gargaýyşyndan,

Ýakynlarymdanam   goradym   ony.

Goradym    dostlarmyň   ýylgyryşyndan,

Hiç   bir  zada   rowa   görmedim  ony.


Bişişini synlap ullakan almaň,

Şol uly alma-da gorkuly garap,

Ony ähli zatdan goradym, arman,

Özümi şol gyzdan bilmedim gorap.


Hanha,   iňrik   ýere   ýazylyp   barýar,

Bilýän,   bir  ýerlerde   eýýäm   daň  atdy,

Oň   söýgüsi   misli   bir   uly   derýa

Zyňylan   daş   bolup,   ýüregme  ýetdi.


In-e,   syryp   ýörüs   köçeleň   boýun,

Bir-birimiz   tanaman,  nobata   durus,

Geliň,   syr   saklaman,   alalyň boýun,

Şol   daşy   näçämiz   göterip   ýörus.


Bir   jeza   bar   jezalaňam   jellady:

Wysallaryň  myrat   bolmak   deregne,

Adamyň  eý   gören,   ynapan   zady

Bir   gara   daş   bolup   çökýär   ýüregne.


Ynamsyz  ýaşamak  mümkin däl,  mümkin,

Ony  goramaly   beýni   hem   ýürek.

Ýöne  ynamlaňňam   synýan   üçin,

Käte   ynamlardan   goranmak   gerek.