SENIŇ  ADYŇDA


Dünýäň  bar derýasy  seniň  adyňda,

Iňrigi,  şapagy,  ýagyşy,  gary,

Meniň   yhlas  eden   zatlarmyň  bary —

Seniň  adyňda,

Seniň  adyňda.


Ýüzüni  öpenim,

Tohum   sepenim,

Bu  dünýede  ýitirenim,  tapanym.

Topragym!

Gam-gussam  seniň  adyňda.


Sen   bolmasats,  oňat bordy  dogmanym,

Sen bolaňsoň, bu giň dünýä sygmanym,

Tylla   gyryndysy  edip  ýygnanym

Namysym,  mertebäm –

Seniň   adyňda.


Seniň  päk   adyňda   görki   bu  dünýäň,

Ylaýym  sarsmasyn  örki  bu dünýäň.

Dünýäniň   mukaddee  ähln  zadyny

Jemländen  soň,

Seň ajaýyp  adyňy

Bir ullakan  wysal,

Uly   ynam   dek,

Doga kimin gaýtalaýan her gezek.