AJAP  SIÝAHATDA   BOLDUM   DIÝIDI  OL


Ajap  syýahatda  boldum  diýdi  ol,

Goýmady  gürrüňin  roýmaly  ýerde,

O nähili  ajap  syýahatmyşyn —

Ýedi  gün  asmanda?

Sekie  gün ýerde?


O  nehili  ajap  syýahatmyşyn?

Bärde — aeroportda   uçara   münse,

Alty  ajap  ýurdy ýatyp  geçirip,

Ýedinjiniň  wokzalynda  oýansa.


O  nähili  ajap syýahatmyşyn?

0  nehiln  ajap? — Sowal  berýärin, —

Ýedi mawy   deňzi  ýatyp geçirse,

Oň  üstüne  ýene  ýetmiş  derýany?


Aşagdaky  täin   baglaň,   metjitleň,

Öşitseň  ýokarda  diňe   myş-myşyn,

Otlar  bilen  bejermeseň  ýaraňy,

O nähili  ajap  syýahatmyşyn?


Şat zeminde goýup  oba,  şäheri,

Gulleriň  agyny, gyzyl, sarysyn,

Sen sesdenem ozýan çaltlyk bilen

Öz  ömrün  deňinden   geçip   barýarsyň.


Çaltlyk bilep köp işleri  etse  bor.

Ýöne şol   çaltlygyň bir emmasy  bar,

Ol  dünýä,

                  adama düşunmekligiň

Dedindea,

                 deňinden,

                             deňinden barýar.

Sen görmän  geçýärsiň

Sen üçin Dörän

Uçmaha ýat, Ereme ýat gülleri.

Ýüzüňi sypasa, ýygyrdyň ýazjak

Otdan hem toprakdan dörän elleri.


Çaltlygyň gylygy:  ýagyşlar  ýagsyn,

Adam  hesret çeksin, ýagsyn  akja gar.

Parhy iok,

                ol juda  zerur zatlaryň

deňinden,

               deňinden,

                              deňinden geçýär.


Gije-gündiz  uçýar,  uçýar   adamlar,

Lezzet alyp motorlaryň heňinden,

Dur sen,

Saklaýa,  tizlik  söýen  Adamzat,

Geçäýmäwer sen öz  bagtyň deňinden.