ATY  DEBSELÄP  ÇAPMA


Aty   debseläp   çapma,

Säher  duman   içinde

Goýber  onuň  jylawyn

Özi   eýerden   geçende.


Şat  gününde  şatdyr ol,

Toýda   şöhratyň  bolar

Magşar   günüň   aglanlaň

Birisi   agyň   bolar.


Bulaberme   gamçyny,

Köz   galmasyn   teninde,

Senň beren  duzuň  üçin

Alkyş   bar   her   deminde.


Gamly   güni   kişňände, —

Eşidende  ah sesin,

Gözüň   süpür,  eý,   adam,

Olam   adam   ahbetin.