Baglaryň   üstüne   gonanda   agşam


Baglaryň   üstüne   gonanda   agşam,

Gapyňyz   kakylsa,   açyň  edepli.

Ol   neçün   gelipdir?

Niçiksi  gepli?

Ýüregin   gaplapdyr   niçik   gaýgy-gam?


Duýarsyňyz:

Ýüreginiň   üstünden,

Bir   tukatlyk   gödek   ädip   barýandyr.

«Meňki   dogry   ahyr

Adalatly   men»

Myhman   size   melul-melul   garýandyr.


Goldaň   şeýle   adam   gapydan   gelse.

Ýüregiňizi   ele   alyp   goldaň  siz!

Ýöne   bir   ýarasyz   daňyly

                                             bolsa,

Onuň  agyrsyna   şärik  bolmaň siz!