BIZIŇ  GÜNÄMIZ


Durmuşda  köpleriň göwnüne degdim,

Köpler bolsa, meň göwnüme degdiler.

Il   içinde  çekdim  ýekelik  derdin,

(Ýekelik  derdini  çekenler   biler).


Köp zatlary  görmän  duşundan  ötdüm,

Köpüsini   bilgeşleýin   görmedim.

Ýyllar   geçip,   ahyr   bir   açyş   etdim,

Ýagny,   il   günäli  diýip   ýörmedim.


Şagalaňly   köçeleriň  ýeňsesin,

Ujy  çür  köwüşli  gaşap  barýaryn.

Hem   owadan   adamlaryň   hemmesin

Hudaýlar  dek sylap, salam  berýärin.


Emma,   ine,   gujagynda   balasy,

Bir  ýaş  ene ýaş  akdyryp  gözünden,

(Gäzýaşyndan   gördüm   ahy-nalasyn),

Barýar  bu  ajaýyp  ýeriň  ýüzünden.


Ilkinji   şatlygyn,   ilki   baharyn –

«Körpejigin ol  gysypdyr   bagryna.

Ärsumagy   dünýäniň   şu   säheri

Sowurypdyr   ony  ýeliň   ugruna.


Ýok!   Diňe   görmeýän   men   bu   aýaly,

Men  onuň  hasratyn   ýürekden  duýýan,

Ýaş  gelin öňünde özüm  günäli,

Hemme   adamlar-da   günäli   diýýän.


Il   içinde çekip ýekelik derdin,

Aramyzda  ýaşýar  şol juwan  gelin.

Men  oňa  baş  egip  salamam  berdim

Bagyşlaň günämiz, eý, merdan  gelin.