GLOBUS


Studentiň  işi  başyndan  agdyk,

Emma ol hiç diýmez: «Biz-ä, how,

                                                       ardyk.


Onuň sag elinde  misli  bir şänik,

Öz  ýasan  hemraey  hem  gök  Ýer  şary!


Student Ýer şaryn öwrenýär dynman,

Onda  köp  oba  bar,  şäher  bar,  il  bar.


Bazalar   bar  her  birinde  armiýa,

Student öwrenýär, ýigit  armaýar!


Globus!   Gör,   dynç   almany   söýmeýän,

Ýigit  seni   pyrlap-pyrlap  goýmaýar.


Ol  seň  Gündogaryň,  Günbataryňy,

Günüň doguşyny,  gün   batyşyny,


Planetam, seň begenjiň,  ahyňy,

Hemmejesin   öwrenmeli   ahyry!


Ol   Aziýanyň,  Afrikanyň  ah  sesin,

Ýüreginde   saklamaly   ahbetin.


Bir  kiçijik  jaýda;— gör-bak  bu  käri,

Student  saklaýar  giden  Ýer   şary.


Aýlan,  planetam,  aýlan  ýadaman,

Seni   sag  elinde   tutýan   adam   bar.


Goý, bir ýerde  näkes  aşyryp  pisin.

«Ýer dar, maňa uruş  gan grek diýsin.


Student sen  älemsiň,  tälsin  tap,

Ol  seň üçin jogap  berer  elmydam!