SÖÝÜŇ  ÇAGAŇYZY


Söýüň çagaňyzy!

                              Söýmekden   armaň.

Säherler  oýanyp  öpüň  bir  salym.

Eline  tutduryp  ullakan   alma,

Pata   berip,  uzak  ýollara   salyň!


Gorkmaň!  Olar  näçe  daşa gits-de,

Gelerler,

Eşitse   çagyrýanňyzy.

Bir dilegim:

                            Şatlyk  bilen   gussada

Oňatlyga  ündäň   çagalarňyzy!

Utanmaň!

Gizlemäň .ýüzleriňizi,

Dymmaklygy,

                            Ýygralygy owradyn!

Öz aýdyp bilmedik sözleriňizi,

Çagaňyza aýtmaklygy öwredin!

Ýögsa käte bilýärisem öňünden,

Emma «Äý» diýýäs-de, dymýas-da gidýäs:

Ilki dymyp,

                            geçip   onun  deňinden,

Soň

             Tankyt  edere   adam   döredýäs.

Ýök!

Bu   islegmiz  däl,   perwaýsyzlyk  bu,

Islämzok   adamyň   peselenini.

Ýöne  ownuk   işde  unudaýýarys

Döwrüň

                        iň   agyrly  meselelerni.

Synlaň  çagaňyzy:  işe  gümramy,

Ýa-da  onuň edýän   işi  galatmy,

Her   haýsy   bolsa-da,  dymmaň   adamlar,

Siz

                öz  söýgiňizde   boluň  gazaply.