Gadym goja Arhimed


Gadym  goja Arhimed,

Etdi dünýä  merhemet.


Ol tüýi agaran arryk gursagyn,

Gulaklaryn, kellesin, tirsegin

Ýuwmaga derek

Emaý   bilen  suwa  çümdi-de çykdy.

Çykdy-da,  ol  bar  Ýunana  jar  çekdi,

Adamlary   müň  alada   goýdy  ol:

“Ewrika!  Ewrika!

Tapdym”  diýdi  ol.


...Ol  suwlar  müň gezek galdy  asmana,

Müň  gezegem  indi  zemine sary.

Adam   suwa   düşüp   geldi   heýjana»

Ýöne  Tapdym!» diýip çykmady bary.


Tapmanlary üçin gadym goja dek

Bolmaz   adamlara   günä  ýüklemek.


Ýöne  başga zada  geň galmak gerek,

(Olar  muny  nädip,

Neneň başarýar?)

Suwdan çykyp,

«Tapdym!»  diýmäge  derek     ,

Suwdan   rury  çykýan  jadygöýler bar!


Arhimediň taglematy   bireýýäm,

Sowatly   adamlaň  baryna  aýan.


Ýöne adam ogly pekir öwürip,

Muň alade guýup birek-biregi,

Düşünenok suwdan gury çykýana.


Ine şudur

Soraglaryň  soragy…