GAHARJAŇLYK


«Gaharjaňlyk  agyr   günde  dörärmiş».

DiýiP,  nämüçindir  tapypdyrlar  «myş»,


Säher  dury   suwa   agzyny  çaýkan —

Ýaşy  çene  baran   az  sözli  daýhan


Ýaşaýşyň  gymmatyn  oňat  bilýändir,

Çöregiň   hümmetin   oňat   bilýändir.


Il  üçin  gan  döken, jaNyndan  geçen,

Üç deňiz,  ýüz derýaň suwundan   içen —

Durmuşyň   ajysyn  dadan   bir  esger

Saňa   aýtjak  sözün  diýerine  çen.

Gözün   ýumup,  ýedi  Ölçär — bir  keser.


Ýok! Durmuşda  beýle gylyk, beýle kär

Ýeňil   ýürek,  ýeňil   günden   döreýär.


Ýeňil  günde  adam   bolarmyş  hasy!

Ömrüň  şol   bir  hili   akyp   durmasy,

Sowukda  egniniň  ýyly  possuny,

Durmuş   tukatlygy,  ýürek  pesligi,

Barysy   birigip   adaty  günde,

«Gursagy  darlygy»  oýadýar  sende.


Gahar  etmek  ejizligiň   nyşany!

Işidir  ol  bikärlikde  ýörenleň.


Gahar   nire,   gaharjaňlyk   nirede?!

Ýüregi  ýükadyr  köpi görenleň.