GAPLAŇ


Haýwanat   bagynda   demir   kapasa,

Demir   kapasada   gaplaň   ýatyrdy.

Gyzyl   gözlerinden   akýan   damjalar

Murtunyň   ujunda   asylyp   durdy.


Şäherli   adamlar   onuň  ýanyna

Getirdiler   daýy,  ýeňňelerini,

Bu   zatlardan   bizar   bolan  janawar

Ýatlardy   Afrikaň   jeňňellerini.


Juwan   günlerinde   gara   gijeler

Gözleri  ot  bolup   ýanan   bu   merdan

Iripdi,   iripdi   gelim-gidimden.

Onuň  dynç   alasy   gerdi   bir   meýdan.


Diňe agşam duşüp ýapylanda bag,

Garrylygyň derdi bersede jepa,

Zordan uka batyp, agyr düýşünde

Ýene-de giderdi Afrika baka.


Süýji-süýji   arzuwlardan,   hyýaldan

Eerninden   şepbik   suw   akar   giderdi.

Ýaýdan   çykan  peýkam  kimin   atylyp,

Awuny   gan   bilen   tamam   ederdi.


Erkindi.   batyrdy,   Diýseň  güýçlüdi.

Güýjüniň   çeşmesi. egserdei   kändi.

Kynçylyk.   Kynçilyk.

                             Çar  ýan  kynçylyk

Ol  kynçylyk  üçin dörän haýwandy.

Ýöne   gijeleňem   öz  serhedi   bar,

Şol   serhetdi  onuň   tükenmez   derdi.

Gözün   açdygy  bes: juwanlygyndan

Ýene   gojalygna   gaýdyp   gelerdi.


Ol   gaplaň  ýene-de  çümer   giderdi

Adam   gözleriniň   doňaklygyna,

Geň  galyp,  geň  galyp   bakardy   hemme,

Ýesiriň  geými  dek  zolaklaryna.


Şol   gözleň   her   biri   peýkama   dönüp,

Başlardy   on  jiger-bagryn   ýakmaga.

Ol   ýygrylyp,  giň  görüp  öz hamyny,

Utanardy   şol   gözlere   bakmaga.


Guýrugy   ýamzynda. Gulagy  salpy.

Gözleri   ýumukdy.  Tutukdy   ýüzi.

Batyrlygyň  ejizlige  öwrülşin

Görüp,

            adamlaryň   çygjardy   gözi.


Aňyrda  gaplaňam   ses-siz   aglady.

In  soňky   mertligiň   gözýaşa  öwrüp,

Gaplaň  derisinden   çykan   galpaňy

Giň   kapasa   barýa   gysyp-ýuwuryp.


Şol günden soň gijemi, ha gündizmi—

Gaplaň   bar   wagtyny   aglap   ötürdi.

Şeýdip, ejizligiň   başlanan   güni,

Şol   gaplaňiň  gaplaňlygy   gutardy.