GAR  EREÝÄR


Gar ereýär,

Buz  ereýär,

Geçenini   buşlaP   gyşyN.

Adamlar  ýeňil   ýöreýär,

Seniň  welin,   şol   boluşyň:


Howlular   peselýär   güller   içinde,

Adam   indi  ygtyýarnyň eýesi.

Sykylyklap,

Ýeňil  ädim  geçende,

Görünýär   adamlaň ýagty  kellesi.


Adamlaň  depesin  direýär   asman,

Ýöredýärler oňatlygyň dinini.

Sen bolsa, pikiri doňduryp duran

«Birýusa» ýa  «Pamir» holodilnigi.


Adamlar   ýaşaýar   erkin,   gurply,

Oňatlykda,   haýyr  işde  hyýaly,

Seniň   agzyň   mydam   mäkäm gulply

Millýonerleriň   haznasy   ýaly.


Meniňki — bitinden,

Seňki — ýarymdan,

Men  dür  seçýän,

Senem   şerden seçýärsiň.


Meniň  aňsat böküp  geçýäw  ýabymdan

Sen  balagňy ele  alyp geçýärsiň.


Biz  söýgi  siňdirdik işdir poema,

Söýgüden,  şatlykdan ýok bize doýma,

Sen  söýüp  gördüňmi, bilemok,

Emma

Seniň iniň ýetdi söýgiň  boýuna.


Ýöne men düşünýän  başga  bir  zada,

Ol maňa asman deý ýagty hem ýaman,

Iňrik  höküm  ýöredende dünýäde,

Sen  öýüňde zaryn  çekip  aglaýaň.


Düşünýän — seňki   kyn.

Sen  bagtsyz   adam

Saňa   agyr ,  agza   ýaşynyp  ýaşamak,

Biz  ýaly   dorumly,

Biz  ýaly  sada

Adamlaryň   arasynda   ýaşamak.


Adamlaň   depesi   beýgelip   barýar,

Bu  hakykat,   bu  ajaýyp  bir  haldyr.

Biz  saňa   gynanýas.

Haýpymyz   gelýär.

Gynanylýan   adam—hakyky   däldir