GAR Gara-gara gargalar Gar-ga-ýar; «Biz gonaýsak, garalar Gar! Gar! Gar!» Gonýar gara gargalar, Gara gargalar. Dogrudanam, garalýar Gar! Gar! Gar! Gara-gara gargalar Kakýar heşelle: Bar gar garalar Garga gara düşende!. Agşama çen garalýar Gar. Gar. Gar. Garaňkyda gargalar Ýerinden örýär. Olaryň täk birn Bolsa-da iş kyn, Şol otyr, ak gary Garaltmak üçin. Gijäň aýazynda Gazaplydyr gar, Garga aýagyndan Beýnä çen doňýar. Ertesi gün ir bile Köçe süpürýän Gara gargaň gargany Oklaýar bir ýan. Gara-gara gargalar Şahadan örýär. Gara gargan garganyň Maslygyn görýär. Günde gara gargaýar Gargalar: «Gak! Gak!» A gar bolsa, elmydam , Ak! Ak! Ak! |