Ýene gaýdyp geldim dogduk diýara. Ýene gaýdyp geldim dogduk diýara, Ýyldyza baý asmanyma gowuşdym. Gussa bilen bakyp söwüt, çynara, Saýasynda goşawuçlap suw içdim. Çagalygymyň gulpaklyja gyzlary, Höwürtgesin taşlapdyrlar bireýýäm. Hany, nirde o ýyllaryň yzlary, Şol yzlary yzlap geldim, eý, obam. Bu ýerde ahmyrym, ökünjimem ýok, Ýöne nämüçindir bilip bilemok. Çagalyk yzlaryn, tanyşlaryňy Jepalar çekseň-de, undup bolanok. Unudyp bolanok ertekilerni, Säherler çyg düşen ýaşyl otlaryn. Aýagyňa batan awy tikenni, Saňa baş bermedik tez-tez atlaryn. Sen ýylda gaýdýarsyn dogduk daýara, Onuň sada görmeginden doýaňok. Çagalygňa duş geläýmek hyýalyn, Emma ondan daşlaşýanňy duýaňok. Sen uly şähere dolanýaň ýene, Bu ýerde dostlaryň, iş-aladan kän. Çykýarsyň şowhunly köçelerine, Köçelek, kiosk, bildiriş, dükan. Onsoň ýene gussa bile ýatlaýaň, Telwas edýän çygly atyzdyr pele. ...Şeýdip, her ýyl geçmişiňe gagnaýaň, Sen şol geçmişiňden daşlaşmak bile. |