GOJA


                                                                   B,   Kerbabaewe,

Ol juda  arkaýyn,

Äwmän   barýardy,

Märekäň   içinden,   ýatladyp  toýy.

Şemal  baga  çykyp, saçyn  darýardy,

Çünki  oň  boýundan  gysgady  boýy.


Dagyň  bir   bölegi!

Bölegem  däl-de,

Dagyň  özi  ýaly  parasatlydy.

Deňinden geçenler biraz saklanyp,

Oňa  baka-baka, köňül  şatlady.


Göge  alma  atsaň ýere  gaçmajak

Märekäň  içinden  äwmän  barýardy.

Agras,

Ynamlydy  ädim uruşy,

Kä başyny  atyp.

Kä ýylgyrýardy.


Daýaw egni bilen ýol arçaýardy,

Çal  başyna  degip,  beýgelýär  asman.

Paýhasyn özi dek äwmän  barýardy,

Hemem  nämüçindir, elmydam juwan.


Näçe materigi,  ýurtlara ,sökdi,

Tanyş oňa goja dünýän dört çeti.

Ýöne göbek gany saňen ülkäni,

Ine, şeýdip,

Ädim  bilen  ölçedi.


Howlukmady,

Äwmän,  paýhasly   ýördi,

Ýol-ýodalaň   batgasyndan-gumundan,

Geçäýmäýin  diýýän  ýaly   howlugyp

Göwün  açman  bir  gamgnyň deňinden.


Ine,  durdy,

Şlýapasyn   çykardy.

Eli bilen gözün günden gorady.

Bir  ýigdekçe  geçýip  barýan zenandan:

—        Aýtsaňyzlaň, kim  ol? — diýip  sorady,


Zenan  guwanç bilen goja seretdi,

Tanýandygyn   bagt   saýyp   şo   bada.

Ähli   dilde,

Ähli   ýurda  düşnükli,

Örän   gysga  hemem  örän  düşnükli

Jogap   berdi:

—                Kerbaba...