GÖZLEG


Durmuş   misli   gözýetin,

Gözýetimiň  çägi  ýok.

Men  elmydam   gözledim.

Gözlemegiň çäga ýok.


Näçe  ýol   bar, ýodalar,

Beýiklik   bar, çuňluk  bar

Emma  ýürek ot  alar,

Seniň, seniň nemäň bar?,


Çagyr   meni,  gozýetim,

Agyr  işe  baş  goşdum.

Öz  ýodamy   gözledim,

Öz ýodamdan  daş  düşdum.


Döwýänleri   söýmeýän,

Göripleri  has  beter.

Diýýärler:  «Seň gözleýän

ýoluň  nirde   ahbetin?!»


...Kyn   pursatda   kimde-kim

(Parhsyz — goža,  gözelmi),

Unudyp  özge  zady

Alsa   ele   gazalmy.


Begenjini  sözlese,

Gynanjyny   sözlese,

Goşgym   bilen  gürleşip,

Dedeşini  gözlese.


Özi   üçin   bir  ýerde,

Ýatman   uzak   gijeler,

Bilse   galýanmy   derde,

Ylham   joşar,   güýç   alar.


Derde   goýup,  igeläp

Göripleriň  toparyn,

Kyn   gününde   adamy

Men   gözlärin — taparyn!


Diňlär   meni   şäherler,

Diňlär   mena   obalar.

Ine,   meniň   çuňlugym,

Beýikligkm   şu   bolar!