GUŞLAR  BILEN  SÖHBET AÇDYM.


Guşlar bilen söhbet aqçdym,

Men bakylyk barada,

Ine , şu ullakan zemin,

Hemem  Su asman arada.


Dostlaryma sarpa goýdum,

Elýetmez gyzlary söýdüm,

Baş ýalaňaç gezdim garda,

Ine , şu ullakan zemin,

Hemem şu asman arada.


Ýok, gykuwlap däl-de aglap,

Ginde jiger daglap,

Düşündim  men  durnalara,

Öz köňlümem ahy-zardy,

Ine şu  ullakan zemin,

hemem şu asman arada.


Her näme diýsegem dostlar,

Göterilsin bu gün tostlar!

Çünki ýaşamaklyk  hezil,

Gan urýarka  damarda,

Ine , şu ullakan zemin,

Hemem şu asman arada.


Gussa batmak näme derkar,

Şatlanmaga hakymyz bar,

Gam çekeris  biz aňyrda,

Biz  entek diri  ahyry,

Ine , şu ullakan zemin,

Hemem şu asman arada.


Ýöne ulyrak bolalyň,

Uludan tälim alalyň,


Söz açsak näme barada,

Çünki kiçi bolmak günä,

Ine , şu ullakan zemin,

Hemem şu asman arada.