GÖRMEKSIZ   GYZ


Ine,  barýan  umydyna  büdüräp,

Egnin   horlugyna   utanyp  çala.

Uzakda   orkestr   joşup-titiräp,

Tans   edýär   owadan   gyzlary  bile.


Hor   elleriňi   çykaranok  ýeňiňden,

Olar   birden  ýere ýetäýjek  ýaly.

Geçip   barýan   ýigitleriň  deňinden,

Gulaga   ýakymsy   bir  saz   mysaly.


Undup   bilmän   görmeksizj-e   doglanyň,

Ýüregiňde   hoş   arzuwlar   besleýäň.

Geçip   barýan   bir   syratly   oglanyň

Mylakatly   söz   aýdaryn   isleýäň.


Emma   ýigitleriň  öz  gaýgysý  bar:

Ýörite   ýag   bilen   saçlaryn   darap,

Olar   wagtdanam   ozup   barýarlar,

Özlerniň   owadan   gyzlarna   tarap.


Ah,  horja  gyz,  horlugyňdan  horlanýaň.

Saňa   hoş  söz  diýjek  ýigit  nirede?

Bu şäherde näçe diýseň ýigit bär,

Seni  öýe ugradanok biri-de.


Gyzlaram   ýanyňa   delmuryp   gelip,

Owadan   gülüşip   ýüregňe   düşýär.

Olar   görmegini   artdyrjak   bolup,

Gezegine seniň  bilen  tirkeşýär.


Öýe gelýäň. Gyýýar ýüregiň ünjiň,

Hasratdan  çekilýär   iki owurdyň,

Aglaýarsyň  „Ah, eje jan, nämüçin

Meni   beýle  betgelişik  dogurdyn?»


Emma goňşy gelin — bir görmgeý dul

Atasyz ogluna günäl bakýar.

Hem  senin tersiňe,

Gussa-gam   çekýär;

«Owadan dogulma,

Bagtly. dogul!»


Aglama,  gyz!  Uýajygym,  gam   çekme,

Bilil   bolmaz  ykbalyňy  öňünden,

Bu  howlukmaç   ýigitlere   at  dakma,

Kim  geçenak  öz  bagtynyň  deňinden.


Käte   şeýle   bolýar:   görkdür-görmek

Gidip otyr  il  içinde  at alyp,

Ýöne, nämüçindir, tylla  ýüzük dek,

Ýolda,

Gum  içinde  galýar sadalyk.


Tekepbir  bol,  çykyp  bolmaz  gaýa  dek,

Sada   bol,   aýlaryň  doguşy  ýaly.

Şeýle ýigitler bar, (olar  bar entek)

Sen  dek  gaýalarda  olaň  hyýaly!