Hemmeler  sylaýar  «kiçigöwüni»


Hemmeler  sylaýar  «kiçigöwüni»,

Ol   bolsa   sylagdan   humardyr   humar.

Öwülse,

Keýip   bilen   süzüp   gözüni

Diýer   «ÝOK,   adamlar,   kemçiligim  bar»

Onsoň gussa  bilen saňa  garar-da,

Kemçiligin  sanar

Okaýan  deý  aýat.

Onuň  kiçigöwünligi   barada

Dörär  şeýdip, ýene-de  bir rowaýat.


Öwüleni  üçin

Olam   öwen   bor.

Üns  bilen  diňlär  ol,  ýakymly   gürlär,

Awtobusda  boş  bolsa-da  onlap  ýer,

Giren   goja   öz  ornuny   hödürlär.


Ýöne  bir  gün düşse tankyt astyna,

Ol  hakyky  ýüzün   açar  dessine.

Uwlar   ol,

Ýarar ol  gazapdan  doly,

Guýrugna   basylan  möjek  mysaly.