IKI  AGAÇ


Agaç  agaja  bakar,

Arasyndan   suw   akar.

Akar   üçin   parhy   ýok, —

Ikisinem   den  ýakar.


Ikisi-de   deň  öser,

Başyn   sypap   ýel   öser.

Daş-töwerek   guwanar:

Ösüşleri ne ýeser!»


Akar   akar-da   gider.

Baryp  bir teşne ýeter. 

«Haýsy   kenar   gowy?»   diýp,

Agaçlar  pikir eder.


Örüsi   ýaýrap   gepiň,

Wagtyny   alar   köpüň,

Çep   kenar  saga  zardyr,

Sagam   zarydyr   çepiň.


Olar   miwe   getirer,

Emma  gamly  oturar,

«Oň   kenary   gowy!»   diýp

Aglar, ömrün  ötürer.