IL


Il diýeniň — işçi, daýhan, şahyrdyr,

Iliň  elmydama   oňatdyr   päli.

Ýöne adam   diýen  ýalnyşýar käte,

Olar   perişde   däl   ýalňyşmaz   ýaly.


Olar   ýalnyşýarlar,   Boýun   alýarlar.

Emma   ýürekleri  oňat  pällidir.

Giden  ildir — işçi, şahyr,

                                         daýhanlar.

Il  diýeniň  bolsa, ýalňyşýan däldir.